LEBAP WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy
2. Maliýe we karz
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
4. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary
5. Salgytlar we salgyt salmak
6. Bank işlerini programmirleşdirmek
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Lebap welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
3x4 ölçegli sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
şahsy pasportyny;
Harby şahadatnamasy ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasy;
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýändir.
Giriş synaglary we okuw kabul edilmek Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat şäheri) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-i, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýärler.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary Lebap welaýatynyň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler:
1-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76.
5-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Magtymguly köçesiniň 113-nji “a” jaýy, tel.: (800422)3-77-60, 3-82-52, 3-78-77, 3-50-59, 3-50-70. Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş. S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel.: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90.
Dänew etrap hassahanasy: Dänew ş. S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel.: (800446) 2-03-46, 2-15-00, 2-25-03.
Darganata etrap hassahanasy: Darganata ş. H.Babaýew köçesiniň 7-nji jaýy, tel.: (800445) 2-01-28, 2-04-65, 2-03-95, 5-12-80.
Kabul ediş toparynyň iş wagty:
Sagat 8:00-dan 18:00-a çenli, arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli dynç alyş günsüz işleýär.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Türkmenabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 22, tel.: 3-99-65, 3-99-68