Bedenterbiýe medeniýeti we sport

       Ata-babalarymyz nesilden-nesle geçýän milli göreş, ýaglyga towusmak, owlak gapdy, düzzüm, küşt ýaly oýunlar billen meşgullanmak ýigitlerimiziň berk bedenli küşt oýunlar bilen meşgullanan ýigitlerimiziň berk bedenli sagdyn ruhly bolmagy hem bedenterbiýanyň we sportyň milli medeniýetimiziň aýrylmaz düzüm bölegidinginiň aýdyň kepilidir. Hut şu nukdaýnazardanda bedenterbiýe medeniýeti saägdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny adamyň beden taýdan ösüşini onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen jemgyýet tarapyndan döredilýan we ulanylýan şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdürilrn we şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýan işiň jemidir. Bedenterbiýe we sport bilen meşgul bolýan adamda gözellik döreýär: Daşky gözellik beden taýdan syratlylyk.

      Umuman bedenterbiýe bilen sport adam bedenini terbiýeleýär we gözel keşbe getirýär. Daşky gözellik bilen içgi gözellik sazlaşykly utgaşanda kämil şahsyýet kemala gelýär. Çünki “Bedenterbiýe we sport hakyndaky” türkmenistanyň kanunyna görä bedenterbiýesi sagdyn durmuş ýörelgesi esasynda şahsyýeti terbiýelemäge adamyň hereket başarnyklaryny we endiklerini beden ukyplaryny we sypatlaryny ösdürmäge beden taýdan kämil, hemme taraplaýyn ösen we sagdynadamy kemala getirmek maksady bilen olaryň beenterbiýe we sport babatda bilimleri almagyna gönükdürilen pedagogik işdir.Hut şu nukdaýnazardan-da Arkadagly Serdarymyzyň öňdegörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde çagalar bagyna, orta we ýokary okuw mekdeplerine bedenterbiýe dersi girizilip ýöriteleşdirilen sport mekdepleri döredilip, olaryň dünýä ülüňlerine häzirki zaman innowasion usullaryna laýyklyk gelýan bedenterbiýe we sport enjamlary bilen üpjün edildi.Arkadagly Serdarymyzyň asylly başlangyçlary esasynda nurana geljegimiz barada edilýän irginsiz aladalar netijesinde halkymyzyň ruhy jemgyýetçilik ösüşini, ýagny medeni galkynyşyny ýokary götermek hem-de sport ulgamyny ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 

        Milli sport ulgamyny we bedenterbiýe medeniýetini ösdürip halkymyzy bol elin, eşiretli durmuşda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli döwletli tutumlary mumdan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy T.Hydyrow