Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde bilim ojagymyz bolan Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlarynyň arasynda Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesi ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen bilelikdäki wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi we bu duşuşygyň dowamynda hukuk goraýjy ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň beren täsirli gürrüňleri talyplarda gyzyklanma döredip, olaryň sorag-jogap alyşmaklary duşuşygy has-da täsirli geçmegine getirdi.