“BITARAPLYK SYNMAZ YOLY TÜRKMENIŇ” ATLY MAKALA ÝAZMAK BÄSLEŞIGI GEÇIRILÝÄR

     Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi halkymyzyň parahatsöýüjilikli, ynsanperwer, asylly yörelgeleriniň Ýer yüzünde dabaralanyandygyny äşgär edyär. Bu bolsa Gahryman Arkdygymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bütin dünyäde parahatçylygy, asudalygy pugtalandyrmakdaky durmuşa geçirilýän belent maksatly işleriň barha rowaçlanýandygyny tassyklaýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-nji martynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edimegi bolsa ýurdymyzyň Bitaraplygyna dünyä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigi alamatlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda Halkara Bitaraplyk güni we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny dabaranlandyrmak, talyp ýaşlaryň döredijlik başarnyklaryny ösdürmek, zehinli hem-de ukyply ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryň arasynda “Bitaraplyk synmaz ýoly türkmeniň” atly makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy: Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty                    A.I.Jumadurdyýew