Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz garaşsyzlygyna eýe boldy. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.
Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ähliumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe boldy.
Ata Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny uly dabaralara besläp, ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýar. Geçen 34 ýylda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar beýik işler amala aşyryldy. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy.
Garaşsyzlyk-belent ykbal! Bu gün Türkmenistan Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalyň toýuny toýlaýar.
Baş baýramymyz-döwletlilik toýumyz gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly tutumly toýlara beslensin!
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy: Agajanowa Akmaral