HALK DEMOKRATIÝASY – DÖWLETLILIGIŇ BINÝADY

          Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi, ýurdumyzyň döwlet-hukuk we jemgyýetçilik ösüşiniň ösüşli başlangyçlaryň we milli maksatnamalaryň iş ýüzünde amal edilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletliligiň we hukugyň ösüşini, halk häkimýetlilik ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylyşyny synlanyňda, döwlet Baştutanymyzyň "Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!" diýen şygarynyň durmuş-ykdysady ösüşleriň, aýratyn-da ylym-bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, hukuk ulgamlary ýaly ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň we rowaçlyklaryň özeninde durýandygyny görmek bolýar. Bularyň hemmesi türkmen jemgyýetiniň bütewüliginiň, işjeňliginiň, bagtyýarlygynyň, geljege uly ynamynyň gözbaşynda durmak bilen, raýatlaryň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny doly goldaýandygyny tassyklaýar.

          Ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň netijesinde halk bilen häkimýetiň, döwlet bilen raýatyň arasynda örän berk we synmaz gatnaşyklar – milli bähbitleri-miziň bütewiligi üpjün edildi. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş nusgasynyň düýpli aýratynlygydyr.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň edaralaryny kemala getirmek we olaryň üstünlikli işlemegini ýola goýmak işleri netijeli amala aşyrylýar. Şol işlerde halk häkimýetiniň gadymy däpleri, ata-babalarymyzyň döwlet gurmakdaky baý tejribesi bilen birlikde, üçünji müňýyllygyň dünýä tejribesine hem daýanyp, täze taryhy döwrüň öňe sürýän wezipelerini çözmekde häkimýetiň gözbaşy bolan halk köpçüliginiň orny has-da ýokarlandyrylýar.

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw  mekdebiniň mugallymy: A.Arslanowa