Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagy, döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyny halkymyz bilen bir hatarda, bilim ojagymyz bolan, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary hem ýokary ruhubelentlikde garşylaýarlar. Orta hünär okuw mekdebiň talyp ýaşlarynyň arasynda hünär tejribeligini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi we bu duşuşygyň dowamynda beren täsirli gürrüňleri talyplarda gyzyklanma döretdi.