Milletimiziň ylym bilim kuwwaty we ylmy-tehniki mümkinçilikleri ýurdymyzyň innowasion ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýän serişdedir. Häzirki zaman düýpli globallaşma döwründe islendik döwletiň esasy maksady innowasiýalary we bilimler ykdysadyýetine kemala getirmek bolup durýar. Innawasion ykdysadyýet innowasiýalara, yzygiderli kämilleşdirýän ýokary tehnologiýalara, olaryň esasynda taýýarlanylýan önümleriň önümçiligine hem-de eksportyna esaslanýar. Ykdysadyýetiň bu görnüşi innowasion ulgamyň kemala gelmegi esasynda ösýär.
Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň durnukly ösmegi, ilkinji nobatda zähmet gorlarynyň ylym–bilim we hünär derejesine baglydyr. Türkmenistanda ilatyň umumy biliminiň ýokary derejede bolmagy we hünärmenleri ýetişdirip taýýarlamak ulgamynyň kemala gelmegi başlangyç, orta we ýokary hünär bilimini geljekde has-da ösdürmek üçin oňyn mümkinçilik döredýär. Täze döwrüň düýpli özgertmeleri milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli okatmak we terbiýelemek işini has-da kämillerdirmekden badalga aldy.
Ýurdumyzyň ylmy- tehniki kuwwatyny artdyrmaga, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman ylym-bilim ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurdaky kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär.
Dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösmegi, amaly bilimleriň we maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýetiniň artmagy gönüden göni täsir edýär.
Täze bilimleriň özleşdirilmegi, ilatyň ylym – bilim we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy Türkmenistanyň durnukly ösüş döwründe adamlaryň iş bilen üpjünçilik meselesini oňyn çözmäge ýardam berýär. Umumadamzat ösüşiniň tejribesinden görnüşi ýaly, dünýä reýtinginde ýurdy öňdebaryjy orunlara çykarýan ykdysady öňegidişlik we ösüş, ilkinji nobatda, ylym bilim ulgamyna hem-de ösüp gelýän ýaş nesle uly ünsüň berilýän ýurtlarynda bolup biler.
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy: B.Boranow
