Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

    Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän döwründe ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, ses beriji we beýleki partlaýjy serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen Lebap maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde mekdebiň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalary, talyp ýaşlary şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäre örän täsirli geçip, talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.