Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat komiteti we Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, şeýle hem olaryň telekeçilige bolan höweslerini has-da artdyrmak maksady bilen tanymal telekeçileriniň gatnaşmagynda "Nusgalyk telekeçi" atly duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk talyplarda uly gyzyklanma döredip, olaryň sorag-jogap alyşmaklary duşuşygy has-da täsirli geçmegine getirdi.
