Sanly ulgam üstünlikleriň açary

    Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda amala aşyrylýan özgertmeler “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hem bar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda öňde duran durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär. Sanly ulgamy ösdürmeklik halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýär. Şoňa görä, häzirki wagtda ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” netijeli amala aşyrylýar, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Netijede, Diýarymyzda täze önümçilikler ýola goýulýar, ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky orny has-da pugtalandyryp, düwletimiziň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Şeýlelikde, sanly ulgamyň ösdürilmegi Türkmenistanda mundan beýläk-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

       Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallary edýän Gahryman Arkadagymyzyň  Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!

Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy: Hatamow I .