Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyny halkymyz bilen bir hatarda, bilim ojagymyz bolan, Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary hem ýokary ruhubelentlikde garşylaýarlar. Orta hünär okuw mekdebiň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşmesiniň hünärmenleri bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi we bu duşuşygyň
dowamynda beren täsirli gürrüňleri talyplarda gyzyklanma döretdi.