Iň ýokary gymmatlyk adam hasaplanýan ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi ynsan saglygyny goramakdan, il-günüň abadan durmuşda ýaşamagyndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi asylly däpleriň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň hem-de Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, "Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlylygy" ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirilen wagyz-nesihat çäresine Polisiýanyň ýol gözegçilik gullukçylary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň partiýa guramaçasy gatnaşdylar. Bu duşuşygyň dowamynda beren täsirli gürrüňleri talyplarda gyzyklanma döredip, olaryň sorag-jogap alyşmaklary duşuşygy has-da täsirli geçmegine getirdi.